Halkara parlament diplomatiýasy

19 Maý 2022
620

2022-nji ýylyň 12-13-nji maýynda Aşgabatda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy hem-de zenanlaryň dialogy geçirildi. Bu möhüm ähmiýetli çärelere Russiýadan, sebitiň ýurtlaryndan parlamentarilerdir halkara guramalaryň wekilleriniň, bilermenleriň köp sanlysy gatnaşdylar.

«Merkezi Aziýa — Russiýa Federasiýasy» görnüşinde sebitde ilkinji gezek geçirilen Parlamentara forum we zenanlaryň dialogy däp bolan dostlukly türkmen-rus, türkmen-gazak, türkmen-gyrgyz, türkmen-täjik, türkmen-özbek gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmakda aýratyn ähmiýete eýedir.

Aýbölek NURSÄHEDOWA,
Aşgabat şäher prokuraturasynyň baş derňew bölüminiň uly prokurory, 1-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar