Hoşniýetli gatnaşyklaryň binýady

19 Maý 2022
655

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ata Watanymyz bedew bady bilen öňe barýar. Ýurdumyz belent sepgitlere, uly ösüşlere beslenýär. Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň belent başlangyçly işleriniň netijesinde, döwletimiziň halkara abraýy barha artýar. Güneşli Diýarymyzyň  halkara derejesindäki çäreleriň, forumlaryň, maslahatlaryň geçirilýän meýdançasyna öwrülmegi bilen ýurdumyzyň ösüşi bütin dünýä äşgär bolýar.

Şu ýylyň 12-nji maýynda paýtagtymyz Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň ilkinji Parlamentara forumy geçirildi. Forumda medeni-ynsanperwer, ylmy-tehniki ulgamlardaky, lukmançylyk diplomatiýasy babatdaky, ulag-aragatnaşyk, söwda ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyklary, gatnaşyklary ösdürmek möhüm meseleleriň biri boldy.

Çemen MYRATJANOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar