Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Parlament diplomatiýasy parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň guraly bolmalydyr.

19 Maý 2022
783

Paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy geçirildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu forumy geçirmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Forumyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Konstitusiýa binasyna gül goýmak dabarasy boldy.

Resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, Maslahatlar merkezinde forumyň dabaraly açylyşy boldy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy wekiliýetleriň ýolbaşçylaryna we agzalaryna giriş sözi bilen ýüzlenip, hemmeleri Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynda tüýs ýürekden mübärekledi hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu forumyň Aşgabatda geçirilmegine biz ýurdumyza hem-de türkmen halkyna hormatyň nyşany, döwletlerimiziň dostlugyny we özara düşünişmegini pugtalandyrmaga, syýasatda, ykdysadyýetde, medeni we ynsanperwer ulgamlarda ysnyşykly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerini ýola goýmaga Türkmenistanyň saldamly goşandynyň ykrarnamasy hökmünde garaýarys diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Giň demokratik esasda saýlanan halk wekilleri adamlaryň, raýatlaryň umyt-arzuwlaryna, isleglerine we meýillerine hemmelerden oňat düşünýärler hem-de özleriniň gündelik işinde şundan ugur alýarlar.

Beýleki habarlar