Dost-doganlygyň, parahatçylygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň mekany

27 Aprel 2022
790

Bitaraplyk syýasatyna pugta eýerýän Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň we agzybirligiň dabaralanýan ýurdy hökmünde giňden tanalýar. Ata Watanymyz özüniň daşary syýasatynda parahatçylygy saklamak we howpsuzlygy berkitmek, sebitleriň, ýurtlaryň we halklaryň durnukly ösüşini hem-de durmuş-ykdysady taýdan abadançylygyny üpjün etmek ugrundaky halkara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýar.

Halkara jemgyýetçilik, aýratyn hem, abraýly gurama bolan Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň sebit parahatçylygy, halklaryň abadançylygy we ösüşi ugrunda durmuşa geçirýän anyk çärelerini giňden goldaýar. Şeýlelikde, döwletimiz parahatçylyk söýüjilige we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanan daşary syýasatyny amala aşyrmak bilen, milli we tutuş adamzat bähbitlerini goramak maksadyndan ugur alyp, global howpsuzlygyň bitewi ulgamyny üpjün etmek ugrunda dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryna özüniň mynasyp goşandyny goşup gelýär.

Bahar BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Balkan welaýaty boýunça wekilhanasy.
Beýleki habarlar