Dünýä nusgalyk senet

27 Aprel 2022
1046

Gözel Watanymyzda toýlar toýlara ulaşýar. Her ýylymyz guwandyryjy we buýsandyryjy wakalara beslenýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, üstümizdäki ýylymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary bilen başlandy. Dünýä ýüzündäki çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, Türkmenistan ýurdumyzyň ykdysadyýetini kuwwatlandyrmak, halkymyzyň abadan durmuşyny, bolelin ýaşaýşyny üpjün etmek maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyny has hem işjeň ösdürmek dowam etdirilýär.

Şol bir wagtda ýurdumyzyň syýasy durmuşynda alnyp barylýan ynsanperwer syýasatyň netijesinde halkymyzyň gadymy medeniýetini, şöhratly taryhyny, däp-dessurlaryny çuňňur öwrenmek, olary ösüp gelýän ýaş nesillerimize öwretmek, milli gymmatlyklarymyzy, ruhy mirasymyzy giňden wagyz etmek we dabarasyny dünýä ýaýratmak babatynda hem giň gerimli işler alnyp barylýar. Munuň netijesinde türkmen medeniýetiniň şan-şöhraty dünýä ýüzünde gitdigiçe dabaralanýar. Elbetde, türkmen halkynyň taryhy we medeni mirasynyň dünýä ýüzündäki ornuny çuňlaşdyrmakda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de onuň ylym we medeniýet meseleleri barada ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has hem işjeňleşmeginiň ähmiýeti uludyr. Geçen ýylyň, ýagny «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen at bilen beýik zähmet ýeňişleri hem-de syýasy ulgamda ýeten beýik sepgitleri bilen ýurdumyzyň şanly taryhyna giren 2021-nji ýylyň dowamynda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýurdumyz üçin bähbitli birnäçe gowy netijeler gazanyldy. Ýagny, geçen ýylyň dowamynda 2021—2023-nji ýyllar üçin ähtnama gol çekilmegi, biziň ýurdumyzyň bu guramanyň iki sany bilim we medeniýet ugurly halkara konwensiýalaryna goşulmagy, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Hökümetara Okeanografik komissiýasynyň Assambleýasynyň ýerine ýetiriji geňeşiniň hem-de halkara Gidreologiýa maksatnamasynyň Hökümetara geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy onuň aýdyň şaýadydyr. Munuň özi, täze ugurly halkara taslamalarynyň birnäçesiniň ýurdumyzda işjeň durmuşa geçirilmegine badalga berdi. Munuň netijesinde ýurdumyzyň iki sany baýry ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny döretmek, alty sany orta bilim mekdeplerini hem bu guramanyň Assosirlenen mekdepleriniň sanawyna girizmek mümkinçilikleri döredi. Bu taslamalaryň çäklerinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalaryny ÝUNESKO-nyň «Dünýä hatyrasy» atly halkara sanawyna girizmek babatynda anyk işler alnyp baryldy.

Çynar RUSTEMOWA,
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany.
Beýleki habarlar