Türkmen-tatar gatnaşyklary: işjeňlik, netijelilik, oňyn tejribe

25 Aprel 2022
817

24-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Prezident Rustam Minnihanow türkmen döwletiniň Baştutanyna mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we gutlaglaryny ýetirdi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Russiýa, onuň iri sebitleri we senagat merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Muny biziň ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen däp bolan özara ynanyşmak, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga ygrarlydygy hem tassyklaýar. Russiýanyň bu sebiti bilen Türkmenistany öňden gelýän ykdysady we medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýar.

"Nesil".
Beýleki habarlar