Parahatçylyk agajy

25 Aprel 2022
830

«7/24.tm», №17 (100), 25.04.2022

 Zeýtun agajy gadym döwürlerden bäri bellidir. Alymlar zeýtun miwesiniň mundan 6000 ýyl öň hem peýdalanylandygynyň subutnamasyny gözleg işleriniň barşynda anykladylar. Zeýtun agajynyň şahasy  parahatçylygyň we ylalaşygyň nyşany hasaplanylýar. Çünki zeýtun şahajykly kepderi gadymy rowaýatlarda hem duş gelýär. Zeýtunyň we ondan ýag almak üçin niýetlenen enjamyň şekillendirilen suraty Gadymy Müsür medeniýetine mahsusdyr. Taryhçy Feowrast bolsa zeýtunyň Fiwde, Liwiýanyň çöllüklerinde ösýändigini ýazypdyr. Gadymy Ýunan eposlarynda-da zeýtun baradaky rowaýatlar köp duş gelýär. Gomeriň «Odisseýinde» nar, armyt, injir bilen birlikde zeýtun köp ýatlanylýar. Solonyň kanunlarynda zeýtun agajyny köpeltmek baradaky talaplaryň ýerleşdirilendigi oňa bolan garaýşyň gowulygyndan habar berýär.  

Beýleki habarlar