ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi

24 Aprel 2022
815

Aşgabat, 23-nji aprel (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri baradaky Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine toparyň şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, onuň Sekretariaty hakynda Düzgünnamanyň taslamasy, şeýle-de geljek döwür üçin işleriň meýilnamasy boýunça meseleler girizildi.

ÝUNESKO-nyň Medeni gymmatlyklaryň bikanun getirilmeginiň, äkidilmeginiň we eýeçilik hukugynyň geçirilmeginiň gadagan edilmegine hem-de öňüniň alynmagyna gönükdirilen çäreler baradaky Konwensiýasyny tassyklamak şu ýylyň meýilnamasynda ilkinji nobatdaky meseleleriň hataryndadyr. Şunuň bilen baglylykda, çykyş edenler Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň bu halkara resminamany tassyklamak baradaky degişli Karary kabul etmeginiň ähmiýetini bellediler. Munuň özi ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny pugtalandyrmaga hem-de “Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny durmuşa geçirmegiň çäklerindäki özara gatnaşyklara ýardam berer.

Beýleki habarlar