Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy: bilelikdäki taslamalar, geljegi uly mümkinçilikler

22 Aprel 2022
869

Şu gün — 22-nji aprelde Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýar. Geçen taryhy döwrüň dowamynda Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ykdysady taýdan örän çalt depginde ösýän bu ýurdy Türkmenistanyň esasy we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň birine öwrüldi. Häzir Diýarymyzyň islendik künjeginde Ýaponiýanyň meşhur kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda gurlan döwrebap senagat toplumlaryna gabat gelmek bolýar. Olar Günüň dogýan ýurdunyň tehnologik mümkinçilikleriniň we türkmen topragynyň baý çig mal gorlarynyň iki döwletiň halklarynyň bähbidine örän oýlanyşykly peýdalanylýandygynyň anyk mysallarydyr.

Biz türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllyk tejribesinde gazanylan üstünlikler barada anyk maglumatlary okyjylara ýetirmek maksady bilen, Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hiroýuki ÝAMAMOTO bilen söhbetdeş bolduk.

Söhbetdeş bolan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar