Gender deňligini üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlyk

13 Aprel 2022
840

Aşgabat, 12-nji aprel (TDH). Şu gün sanly ulgam arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň nobatdaky iş maslahaty geçirildi. Maslahat ýurdumyzyň 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde guraldy. Duşuşyga Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Merkezi Aziýa döwletlerinden dialoga agzalar hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň degişli edaralaryndan wekiller gatnaşdylar.

Maslahatyň gün tertibine bu düzümiň işiniň ýyllyk meýilnamasy we Düzgünnamasy bilen bagly meseleler girizildi.

Beýleki habarlar