Türkmen-rus hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

12 Aprel 2022
1076

9-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi. Myhman öz ýurdunyň Hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana iş sapary bilen geldi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip hem-de Russiýada Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ähmiýet berilýändigini nygtap, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny ýetirdi. Dostlukly döwletiň Hökümet Baştutany döwlet Baştutanymyza hem-de onuň üsti bilen ähli türkmen halkyna türkmen-rus diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny, parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar