Türkmenistan — Russiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlyk giňeldilýär

11 Aprel 2022
895

Aşgabat, 9-njy aprel (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň Hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, ýurdumyza iş sapary bilen gelen Hökümet Başlygynyň orunbasary A.Owerçuk bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar ýokary derejedäki gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen 8-nji aprelde geçirilen telefon söhbetdeşliginde garalan meseleler bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy.

Beýleki habarlar