Tagallalary birleşdirip

11 Aprel 2022
761

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň 1 — 4-nji apreldäki Türkmenistana döwlet sapary iki ýurduň bilim ugurly hyzmatdaşlygyny has-da berkitmegiň hem esasyny goýdy.

Hindistan Respublikasynyň Prezidenti ýurdumyza ilkinji saparynyň çäklerinde paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hindi maksatnamasynyň (ITEC) hem-de Medeni aragatnaşyklar boýunça hindi geňeşiniň (ICCR) çäklerinde bilim alan we hünär kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşan, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde hindi dilini öwrenen türkmen raýatlary bilen duşuşdy. Onda bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda uzak möhletleýin esasda, şol sanda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmak arkaly, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegi iki ýurduň maksat edinýändigi tassyklanyldy. Bellenilişi ýaly, bilim hyzmatdaşlygy, şol sanda dünýä dilleriniň öwrenilmegi dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam berýär.

Nury ATAÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar