Aşgabat duşuşygy: türkmen-hindi gepleşikleri taryhy ähmiýete eýedir

9 Aprel 2022
846

Inderwir SINGH,
«Business Central Asia» žurnalynyň baş redaktory.

Hindistanda bizi Türkmenistan bilen baglanyşdyrýan iki esasy aýratynlyk bar. Olaryň biri — Delide ýerleşýän Türkmen derwezesi. Onuň töwereginde agşamlaryna paýtagtyň ýaşaýjylary «pakora» diýip atlandyrylýan tagamly hindi hurşuny satyn almak üçin nobata durýarlar. Çäklerinde lomaý söwda bazarlarynyň ýerleşýändigi üçinem şäher ilaty günüň dowamynda ençeme gezek bu derwezäniň adyny agzamaly bolýar. Şoňa görä-de, «türkmen» sözi biziň adaty durmuşymyza mahsus düşünje hasaplanýar. Beýleki bir sebäp, Beýik Mogollar imperiýasynyň şasy Ekberiň ady rowaýata öwrülen atalygy we serkerdesi Baýram han bilen baglanyşyklydyr. Han Baba diýlip tanalan bu şahsyýet şol bir wagtda şahyr hem bolupdyr. Türkmenleriň baharly tiresinden bolan meşhur serkerdäniň gubury Güjerat welaýatynda ýerleşýär. Baýram hanyň Gündogaryň görnükli filosofy bolandygyny hiç kim inkär etmese gerek...

Beýleki habarlar