Türkmen – hindi hyzmatdaşlygynda sport we ýaşlar syýasaty

8 Aprel 2022
864

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň Ýaşlar işleri we sport ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

2-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana ilkinji döwlet saparyny amala aşyran Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň gatnaşmagynda dürli ugurlarda türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga ýardam berjek ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

«Türkmen sporty» .
Beýleki habarlar