Türkmenistan — Russiýa: strategik hyzmatdaşlyk we täze gözýetimler

8 Aprel 2022
692

Russiýa Federasiýasy bilen hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. 1992-nji ýylyň 8-nji aprelinde diplomatik gatnaşyklaryň resmi taýdan ýola goýlan senesinden bäri dostluk, açyklyk, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-rus gatnaşyklary yzygiderli ösdürilip, hil taýdan täze derejä çykaryldy. Bu gün biziň ýurtlarymyz döwletara gatnaşyklaryň 30 ýyllyk ýubileýini ýakyn dost, ynamly hem ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garşylaýarlar.

Habarçymyz bu şanly senäniň öňüsyrasynda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr BLOHIN bilen söhbetdeş bolup, oňa türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary barada käbir sowallar bilen ýüzlendi.

Söhbetdeş bolan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar