Halkara ulag hyzmatdaşlygy

7 Aprel 2022
691

Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň Türkmenistana ilkinji taryhy saparyny amala aşyrmagynyň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça ýokary derejeli gepleşikleriň geçirilmegi, şunda ulag-energetika, söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilmegi ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň barha üstünliklere beslenýändigini alamatlandyrýar.

Garaşsyz Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça anyk wezipelere seredilmegi, ýurdumyzyň bütin dünýäde durnukly ösüşi, ynanyşmagy, oňyn halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, hususan-da,  häzirki wagtda barha derwaýys ähmiýete eýe bolýan ulag ulgamynda gatnaşyklary has-da ýygjamlaşdyrmak we netijeli ugurlary döretmek babatda durmuşa geçirýän daşary syýasat strategiýasyny aýdyň açyp görkezýär.

Maýsa ARTYKOWA,
Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti, kazynyň kömekçisi.
Beýleki habarlar