Türkmenistan – Hindistan: hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejesi

6 Aprel 2022
829

1-nji aprelde Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi. Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany garşylamak dabarasy boldy. Paýtagtymyzyň howa menziliniň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş binasynyň öňündäki meýdançada Hindistan Respublikasynyň Liderini resmi garşylamak dabarasy boldy. 2-nji aprelde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz bu gepleşikleriň netijeleriniň iki dostlukly halkyň hem-de döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge hyzmat etjekdigine, ähli ugurlardaky özara gatnaşyklara kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Işjeň, netijeli ýagdaýda geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-hindi gatnaşyklarynyň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şolarda söwda-ykdysady ulgam möhüm orun eýeleýär. Bu babatda energetika, senagat we ulag, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda, oba hojalygynda, söwdada hem-de beýleki ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek üçin oňat mümkinçilikler bar. Şol bir wagtda-da biziň ýurtlarymyz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar we Demirgazyk — Günorta ulag geçelgeleri ýaly iri halkara taslamalara gatnaşyjylar bolup durýarlar. Taraplar sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleriniň birnäçesi boýunça hem pikir alyşdylar. Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde — iki döwletiň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi. Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Şeýle hem, Bilelikdäki türkmen-hindi Beýannamasy kabul edildi. Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

«Aşgabat».
Beýleki habarlar