Ulag diplomatiýasy aýdyň ösüşlere beslenýär

6 Aprel 2022
874

Ýurdumyzyň bagtyýarlyk döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda dünýä ýüzünde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletiniň ulag diplomatiýasyny kämilleşdirip, halkara derejesindäki beýik başlangyçlary amala aşyrmagy, onuň bu ugurda eýeleýän ornuny has-da ýokarlandyrýar. Ýurdumyzda ulag diplomatiýasynyň işjeňleşdirilmegi döwletimiziň berkararlygynyň, sebitde we dünýäde durnukly ulag ulgamyny pugtalandyrmagyň we onda howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidine gönükdirilýär hem-de daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

«Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, döwletimiziň ulag pudagynyň mümkinçiliklerini has-da pugtalandyrmak, bu ugurda döwlet meýilleşdiriş ulgamyny, bitewi milli ulag syýasatyny we kanunçylygyny kämilleşdirmek we durmuşa geçirmek boýunça giň strategik maksatlar hem çäreler toplumy amala aşyrylýar. Şeýlelikde, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» kabul edilip, halkara we sebit derejesinde ulag-logistika ulgamyny öňe ilerletmek, onuň häzirki zamanyň ýagdaýlaryna laýyk derejede hereket etmegini gazanmak babatda ulag ulgamynda öňe sürülýän başlangyçlar dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar