Dostlukly türkmen-hindi gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm tapgyr

5 Aprel 2022
1065

2-nji aprelde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Irden belent mertebeli myhman «Ýyldyz» myhmanhanasynda özi üçin niýetlenen kabulhanadan motosikletçileriň hormat nyzamynyň, soňra bolsa atly hormat nyzamynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oguz han» köşkler toplumyna geldi.

«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar