Hoş habaryň buýsanjy

29 Mart 2022
785

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ählihalk tarapyndan döwlet Baştutanlygyna saýlanmagy we bu ýokary wezipä girişmegi bilen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly täze döwre, täze badalgalara gadam basdy. Joşup gelen bahar pasly özi bilen bilelikde ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynda gazanan ýeňişleri baradaky hoş habarlary hem alyp geldi. Häzirki döwürde döwletimiz halkara guramalar, esasan-da, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzümleri bilen hyzmatdaşlyk etmekde giň gerimli işleri alyp barýar. Bu ýagdaý bolsa Türkmenistanyň halkara abraýyny berkitmekde, içeri hem daşary syýasatyny dabaralandyrmakda, dünýä döwletleri bilen dürli ugurlarda gatnaşyklary giňeltmekde ähmiýetli orun eýeleýär.

Munuň şeýledigini ýakynda, has takygy, 25-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýurdumyzyň 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň (UNCITRAL) agzalygyna saýlanylandygy barada aýdan hoş habary-da äşgär görkezýär. Bu waka ýurdumyzyň halkara söwda ulgamynda işjeň hereket etmegine has giň ýol açmakda, eksportyň mümkinçiliklerini giňeltmekde, netijede, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny berkitmekde möhüm wakadyr.

Ogultar ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bäherden etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.
Beýleki habarlar