Söwda ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlykda möhüm ädim

28 Mart 2022
898

Ministrler Kabinetiniň 25-nji martda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň BMG-niň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin saýlanandygy barada habar berildi. Bu buýsandyryjy waka Türkmenistanyň dünýäniň iň iri we abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy bilen köp ýyllaryň dowamynda ösdürilýän hyzmatdaşlygynyň oňyn netijesi bolup, ol häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan daşary syýasat strategiýasynyň halkara giňişlikde dabaralanýandygyny alamatlandyrýar.

Dünýä ykdysadyýetiniň häzirki döwri halkara söwdanyň depginli ösüşi bilen häsiýetlendirilip, ol döwletleri we halklary birleşdirýän esasy ulgam bolup durýar. Soňky birnäçe onýyllyklaryň dowamynda ählumumylaşma hadysasynyň çuňlaşmagy halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň geriminiň giňemegini, oňa gatnaşyjylaryň sanynyň ýylsaýyn köpelmegini, netijede, bu gatnaşyklaryň has-da çylşyrymlaşmagyny şertlendirdi. Bazar gatnaşyklarynyň ösmegi netijesinde, halkara söwda ulgamynda bäsdeşligiň ýitileşmegi bolsa bilelikde çözülmegini talap edýän umumy meseleleriň ýüze çykmagyna getirdi. Halkara söwda gatnaşyklarynda emele gelen şeýle ýagdaýlary sazlaşdyrmak we bu meseleler boýunça döwletleriň arasynda ylalaşyk gazanmak zerurlygy halkara söwdany hukuk taýdan düzgünleşdirmek meselesini dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmagyň, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň wajyp meselesine öwürdi.

Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň başlygynyň orunbasary, ykdysady ylymlaryň kandidaty.
Beýleki habarlar