Telefon arkaly söhbetdeşlikler halkara guramalaryň, hyzmatdaş döwletleriň Türkmenistan bilen hoşniýetli gatnaşyklara ygrarlydygyny görkezýär

18 Mart 2022
966

15-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz halkara guramanyň ýolbaşçysy bilen mähirli salamlaşyp, merkezi saýlaw topary tarapyndan yglan edilip, 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynyň netijelerine laýyklykda, Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanandygyny habar berdi. Şunda döwlet Baştutanymyz öz işini Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde işjeň dowam etmegi meýilleşdirýändigini belledi. BMG-niň ýolbaşçysy türkmen döwletiniň täze saýlanan Baştutanyny saýlawlarda ynamly gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa bu möhüm we jogapkärli wezipede uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlikler boldy. Dostlukly ýurtlaryň döwlet Baştutanlary milli Liderimizi Türkmenistanyň oňyn ösüşini we jemgyýetiň demokratiýalaşdyrylýandygyny görkezen Prezident saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy gazanan ýeňşi bilen gutladylar.

"Nesil".
Beýleki habarlar