Türkmenistan – ÝUNESKO: netijeli hyzmatdaşlyk

17 Mart 2022
947

Türkmenistan ÝUNESKO bilen gatnaşyklary işjeň ösdürmek bilen, halkara hyzmatdaşlygynyň berkidilmegine mynasyp goşant goşýar. ÝUNESKO-nyň bütindünýä medeni we taryhy mirasyny goramak boýunça Konwensiýasyna goşulmak bilen, ýurdumyz geljek nesiller üçin halkymyzyň bahasyz baýlygy, dünýä medeniýetiniň möhüm bölegi bolan taryhy-medeni gymmatlyklary goramak boýunça ägirt uly işleri alyp barýar. Milli medeni mirasy aýawly saklamaga we öwrenmäge, türkmen halkynyň dünýä medeniýetiniň kemala gelmegine goşandyny wagyz etmäge aýratyn üns berýän döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen däp bolan gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegiň ähmiýetini hemişe nygtaýar.

Ylym-bilim, medeniýet we taryhy-binagärlik ýadygärliklerini aýawly saklamak ulgamlary hem-de ekologiýa ugry boýunça köpýyllyk gatnaşyklar Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen özara gatnaşyklarynyň okgunly häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň innowasion ösüş, sanlylaşdyrmak, öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanmak ýoluna düşmegi bilen baglylykda, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek we ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikler açylýar. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanda geçirilýän, gatnaşyklary ýola goýmaga we pugtalandyrmaga hem-de ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny işläp taýýarlamaga gönükdirilen dürli çäreler medeni-ynsanperwer ulgamda halkara gatnaşyklary berkitmegiň kepili bolup hyzmat edýär.

Beýleki habarlar