Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

16 Fewral 2022
878

Aşgabat, 15-nji fewral (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Zenanlaryň ýagdaýy baradaky komissiýanyň 66-njy mejlisine taýýarlyk görmek boýunça Merkezi Aziýa döwletleri üçin sanly ulgam arkaly Sebit geňeşmeleri geçirildi. Howanyň üýtgemegi bilen baglylykda, gender deňliginiň meselelerine bagyşlanan çäre ýurdumyz hem-de Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň ýurtlary üçin “BMG — Zenanlar” düzüminiň Sebit edarasy bilen bilelikde guraldy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan geçen ýylda BMG-niň Gender deňligi meseleleri we zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça edarasynyň (BMG — Zenanlar) ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna 2022 — 2024-nji ýyllar döwri üçin saýlanyldy.

Beýleki habarlar