Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi

15 Fewral 2022
1496

Aşgabat, 14-nji fewral. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki döwletiň Baştutanlary birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de ony ösdürmegiň mümkinçilikleri, şonuň ýaly-da, özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit syýasatynyň käbir meseleleri barada özara pikir alyşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdiler.

www.tdh.gov.tm
Beýleki habarlar