Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby koreý dilinde neşir edildi

14 Fewral 2022
911

«7/24.tm», № 07 (90), 14.02.2022.

 Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň koreý dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu çäre Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýän gününde guralyp, dostlukly halklaryň özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, milli gymmatlyklar we däp-dessurlar bilen tanyşmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygyň dowamy boldy.

«7/24.tm»
Beýleki habarlar