Dünýä uzaýan dostluk köprüleri

10 Fewral 2022
1017

11-nji fewralda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyljak çözgütler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň geljekki ösüşleriniň aýdyň maksatlaryny özünde jemlär. Onuň gün tertibine hödürlenip, kabul ediljek «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugurlaryny öz içine almak bilen, onda iri desgalaryň, önümçilik kärhanalarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşyklaryny giň gerimde alyp barmak göz öňünde tutulýar. Şolaryň hatarynda ýol-ulag düzümine degişli taslamalaryň hem göz öňünde tutulýandygy aýratyn bellärliklidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy: halka daýanyp, halkyň hatyrasyna» atly kitabynda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy baradaky ýörelgäni yglan edip, önümçiligi ösdürmegiň esasy serişdeleriniň adam faktoryndan we adamlaryň döwletiň ykdysady strategiýasyny durmuşa geçirmekde umumy mümkinçiliklerinden ugur alnandygyna aýratyn ünsi çekýär. Şeýle bolansoň, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň hemişe ýokary derejede bolmagynyň üpjün edilmegine gönükdirilýär. Bu günki gün ykdysadyýetiň pudaklaryny toplumlaýyn we sazlaşykly ösdürmek ýoly bilen alnyp barylýan durmuş-ykdysady syýasatyň netijesinde Türkmenistan sebitde hem-de dünýäde bäsdeşlige ukyply döwletleriň hataryna ynamly goşulyşýar. Şunda ählumumy derejede durnukly ulag ulgamyny kemala getirmek, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistany sebitiň iri ulag-logistika merkezine öwürmek ýurdumyzyň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendir.

Gulmet PENAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, ykdysady ylymlaryň kandidaty.
Beýleki habarlar