Dost-doganlygyň aýdyň beýany

8 Fewral 2022
1285

Öňňin Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň koreý dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu dabara Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllyk senesi bilen gabat geldi.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar. Şunda medeni ulgamda hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň koreý dilinde neşir edilmegi munuň aýdyň beýanydyr. Bu kitabyň koreý dilinde neşir edilmegi buýsanjymyzy has-da artdyrdy.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar