Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň halkara abraýy barha artýar. Munuň şeýledigine BMG we onuň düzümleri, şol sanda ÝUNESKO bilen alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlyk hem-de onuň oňyn netijesi şaýatlyk edýär.
Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi halkymyzy begendirdi. Munuň özi milli Liderimiziň türkmen halkynyň medeni mirasyny gorap saklamak hem-de ony dünýä ýaýmak boýunça alyp barýan işleriniň üstünlikli amala aşýandygynyň subutnamasydyr.