«McDonald's» sanly satuwlar bilen girdejisini artdyrýar

7 Fewral 2022
821

Ge­çen hep­de «McDo­nald's» res­to­ran­lar top­lu­my çär­ýek­le­ýin ha­sa­ba­ty­ny çap et­di. Ha­sa­bat­da gör­nü­şi ýa­ly, kom­pa­ni­ýa­nyň gir­de­ji­si­niň ýe­ne iki es­se kö­pel­me­gi san­ly sa­tuw­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. San­ly sa­tuw­lar «McDo­nald's»-yň ösü­şi­niň esa­sy he­re­ket­len­di­ri­ji­si­dir. Şol se­bäp­li kom­pa­ni­ýa­nyň soň­ky ha­sa­bat çär­ýe­gin­dä­ki gir­de­ji­si ge­çen ýyl bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 13% ýo­kar­lan­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň el­tip ber­mek hyz­mat­la­ry in­di 100-den gow­rak ýurt­da­ky 33 müň «McDonald's» res­to­ra­nyn­da el­ýe­ter­li­dir.

Ge­çen hep­dä­niň bir­ža söw­da­la­ryn­da «McDo­nald's»-yň her bir pa­ý­na­ma­sy ABŞ-nyň 258,99 dol­la­ryn­dan ba­ha­lan­dy.

Aýdogdy HEZRETGULYÝEW,
Mary welaýatynyň ýaşaýjysy.
Beýleki habarlar