Elektrik ulaglaryny kuwwatlandyryjy enjamlary bilen üpjün ediji «ChargePoint» holdingi Ýewropadaky bazar liderleriniň hatarynda öňe saýlanýar. Munuň şeýledigine kompaniýanyň geçen hepdedäki söwdalarynda nyrhlarynyň 9,49% ýokarlanyp, ABŞ-nyň 13,85 dollaryna ýetmegi-de şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda kompaniýanyň bazar söwda dolanyşygy ABŞ-nyň 4,15 milliard dollaryna barabardyr.
«ChargePoint» söwda flotlary we şahsy elektrik ulaglary üçin bäsdeşlige ukyply enjamlaryň we programma üpjünçiliginiň iň gowusy diýlip ykrar edildi.