Merkezi Aziýa — Hindistan: hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

28 Ýanwar 2022
917

27-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modiniň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly geçirilen birinji «Merkezi Aziýa — Hindistan» sammitine gatnaşdy.

Örän uly ähmiýete eýe bolan bu duşuşyk sebit hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze ösüş hem-de many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam eder. Sammite sanly ulgam arkaly Merkezi Aziýa sebitiniň beýleki döwletleriniň Baştutanlary — Gazagystan, Gyrgyz, Täjigistan, Özbegistan Respublikalarynyň Prezidentleriniň hem gatnaşmagy ählumumy hyzmatdaşlykda tagallalaryň birleşdirilýändiginiň subutnamasy boldy. Premýer-ministr Narendra Modi sammiti açyp, sebitiň ýurtlarynyň Liderleri bilen mähirli salamlaşdy we hemmelere şu duşuşyga gatnaşýandyklary üçin hoşallyk bildirdi. Soňra hormatly Prezidentimize söz berildi. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda Merkezi Aziýanyň hem-de Hindistanyň ägirt uly adam, senagat, tebigy we tehnologik mümkinçilikleriniň bardygyny hem-de häzirki wagtda ýüze çykyp biljek howply meýillere berk hem-de aýgytly garşy durmak, terrorçylyga, radikalizme we ekstremizme, guramaçylykly jenaýatçylyga garşy bilelikde göreşmegiň örän wajypdygyny nygtady.

"Nesil".
Beýleki habarlar