Halkara hyzmatdaşlygyň ösüş diplomatiýasy

25 Ýanwar 2022
922

Döwletimiziň açyklygy, ygtybarly döwlet hökmünde giň möçberli hyzmatdaşlyga taýýarlygy hem-de ählumumy meseleleriň oňyn çözgüdini tapmak ugrundaky işjeňligi halkara durmuşynda türkmen diplomatiýasynyň ykrar edilmegine itergi berýär. Ösüş arkaly parahatçylyga hyzmat edýän bu wezipeler, ilkinji nobatda, baky Bitaraplygymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri bilen sazlaşýar. Baky Bitaraplyk milli diplomatiýamyzyň ösüşleriniň esasynda durýar.

Diplomatiýa, munuň özi, köpugurly we köpmanyly düşünjedir. Diplomatik işiň ýöredilişiniň aýratynlyklarynyň we görnüşleriniň köpdürlüligi bu düşünje barada dürli garaýyşlaryň öňe sürülmegine getirýär. Diplomatiýa döwletleriň daşary syýasatynyň maksatlaryny, wezipelerini amala aşyrmak, daşary ýurtlarda döwletleriň, olaryň edaralarynyň we raýatlarynyň hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramak boýunça resmi işdir. Ol döwletiň daşary aragatnaşyklary baradaky ylymdyr, halklaryň bähbitlerini özara ylalaşdyrmagyň, gepleşikleri alyp barmagyň sungatydyr. Durnukly ösüşi nazarlaýan ileri tutulýan ugurlar hormatly Prezidentimiziň çykyşlarynda aýratyn üns merkezinde saklanýar. Şol bir wagtda, Türkmenistanyň bular babatyndaky başlangyçlary halkara derejesinde doly ykrar edilýär.

Gözel ORAZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar