Täze neşirleriň sahypalarynda taryhy wakalaryň beýany

23 Ýanwar 2022
1155

Hormatly Prezidentimiziň beýik işleri, parahatçylygy ösdürmekdäki parasatly başlangyçlary dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Şeýle beýik başlangyçlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taryhy çykyşlarynda, il-ýurt hem-de umumadamzat bähbitli işlerinde aýdyň beýan edilýär. Şeýle beýik işleriň we başlangyçlaryň many-mazmunyny beýan edýän täze neşirleriň elimize gowuşmagy biziň her birimizi buýsandyrdy.

Kitap ynsanyň iň ýakyn hemrasydyr, paýhasyň hem geljegiň çyragydyr. «Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara habar beriş serişdelerine beren interwýulary», «Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy» hem-de «Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti» atly syýasy kitaplaryň neşir edilmegi çuňňur many-mazmuna eýedir. Bu kitaplarda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döredijilikli ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň saýlan netijeli daşary syýasat ugry aýdyň şöhlelendirilýär.

Söhbet NURBERDIÝEW,
«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar