Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň belent derejesi

21 Ýanwar 2022
828

20-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini we okgunly ösüşini kanagatlanma bilen bellediler.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň döwlet Baştutanlary asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan hoşniýetlilik ýörelgeleri esasynda sebitdäki we dünýädäki ýagdaýlary nazara almak arkaly guralýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetiniň bähbitleriň umumylygy hem-de hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak babatda berk syýasy erk-islegiň bardygy bilen şertlendirilendigi aýratyn bellenildi. Munuň özi sebitde durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmekde tagallalary birleşdirmek üçin möhüm şert bolup durýar.

"Nesil".
Beýleki habarlar