Şu ýylyň 4 — 20-nji fewraly aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde geçirilýän XXIV Gyşky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň çäklerinde, 18-nji ýanwarda Ýewraziýa ýurtlarynyň we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriniň öňdebaryjy ýaş wekilleriniň arasynda «Bilelikde umumy geljege tarap» atly mowzuk boýunça maslahat geçirildi.
Maslahata wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň degişli wekilleri gatnaşyp, Türkmenistanda sportuň gyşky görnüşlerini ösdürmekde amala aşyrylan işler we gazanylan üstünlikler barada çykyş etdiler.