Ýetilen sepgitler, täze mümkinçilikler

21 Ýanwar 2022
1051

19-njy ýanwarda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guramagynda, ýerli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda metbugat maslahaty geçirildi. Onda iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklarda 2021-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemine syn berildi.

Metbugat maslahatynda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral çykyş edip, 2021-nji ýylyň türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ösüşinde möhüm ähmiýetli ýyllaryň biri bolandygyny, amala aşyrylan ýokary derejeli saparlaryň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň, özara haryt dolanyşygynyň möçberiniň görnetin artmagynyň munuň şeýledigini doly subut edýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, tamamlanan ýylda Türkmenistanyň Türkiýä eksportynyň möçberi 50 göterim ýokarlanyp, 49 million amerikan dollaryna deň boldy. Degişli döwürde Türkiýäniň Türkmenistana eksportynyň möçberi hem 27,2 göterim artyp, iki ýurduň arasyndaky özara haryt dolanyşygy ABŞ-nyň 1 milliard 911 million dollaryna barabar boldy. Elbetde, bu görkezijiniň yzygiderli ýokarlanmagynda pandemiýa şertlerinde ähmiýeti has-da artan Hazarüsti ulag geçelgesine möhüm orun degişlidir. Şoňa görä-de, diplomat sebitde ýükleriň daşalyşyny has-da artdyrmakda bu taslamanyň uly geljeginiň bardygyna aýratyn ünsi çekdi.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar