Gatnaşyklar ösdürilýär

19 Ýanwar 2022
964

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherine iş saparyny amala aşyrdy we bu ýerde sebitara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de netijeli ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen duşuşyklary geçirdi. Daşkent şäherine iş saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew kabul etdi.

Şeýle hem, Daşkende iş saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, maýa goýumlar we daşary söwda ministri S.Umurzakow bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar ozal gazanylan ylalaşyklar we uzak möhletleýin geljek bilen baglylykda, türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar.

«Aşgabat».
Beýleki habarlar