Köpasyrlyk dostluk ýörelgeleri

17 Ýanwar 2022
881

Geçen hepdäniň şenbe güni Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygynda paýtagtymyza gelen owgan wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki goňşy ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça, hususan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlyk dogrusynda pikir alyşdylar.

Şeýle hem söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolan bilelikdäki düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegi giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilkinji nobatda, Günorta — Gündogar Aziýanyň ýurtlaryny türkmen tebigy gazy bilen uzak möhletleýin esasda üpjün etjek Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy hakynda aýdyldy. Şeýle-de sebitde howpsuzlygy üpjün etmek ulgamynda türkmen-owgan özara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyna aýratyn üns çekildi.

«Watan».
Beýleki habarlar