erkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda intellektual eýeçiligiň netijeli ulgamy döredilýär. Bu ulgamda alnyp barylýan strategiýa birnäçe milli kanunçylyk namalaryna hem-de Türkmenistanyň gol çeken halkara şertnamalaryna laýyklykda ýola goýlup, senagat eýeçiliginiň desgalarynyň hukuk taýdan goralmagyny üpjün edýär.
Intellektual eýeçiligiň Bütindünýä guramasy Birleşen Milletler Guramasynyň intellektual eýeçiligi ylymda we ykdysadyýetde täzeçil hem-de döredijilikli işläp taýýarlamalary (rugsatnama, awtorlyk hukugy, harytlyk nyşan, nusga) höweslendirmegiň serişdesi hökmünde peýdalanmak meseleleri bilen meşgullanýan gurama bolup durýar. Bu gurama intellektual eýeçilik ulgamynda hereket edýän birnäçe möhüm konwensiýalaryň işini dolandyrýan halkara guramadyr. Intellektual eýeçiligiň Bütindünýä guramasynyň işi döredijiligi sylaglaýan, innowasiýany höweslendirýän we jemgyýetiň bähbidine ykdysady ösüşe goşant goşýan deňagramly we elýeterli halkara ulgamyny ösdürmäge bagyşlanýar.