Mähriban Arkadagymyzyň saýasynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dünýä ösüşi bilen aýakdaş gitmegini üpjün etmäge gönükdirilen iňňän öňdengörüjilikli daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bu babatda gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan türkmen-hytaý dost-doganlyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna aýratyn orun degişlidir.
Türkmen we hytaý halklarynyň gatnaşyklarynyň sene ýazgysy özüniň gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Gadymy hytaý siwilizasiýasy türkmenleriň köp asyrlyk medeni-taryhy mirasy ýaly, bütindünýä taryhyna özüniň aýgytly täsirini ýetirdi. Türkmenistanyň Ýewropanyň we Aziýanyň, Günbataryň we Gündogaryň birleşýän ýerinde, amatly geostrategiki ýerleşmegi bolsa, gadymy döwürlerden bäri türkmen we hytaý halklarynyň arasynda içgin söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary alyp barmaga ýardam berýän möhüm şertleriň biri bolup durýar. Biziň halklarymyzyň özara gatnaşyklarynyň şu günler hem dowam edýän ajaýyp däpleriniň emele gelmeginde hytaý ülkesinden başlanyp türkmen topragynyň hem üstünden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ähmiýeti uludyr.