Ak arzuwlar, belent maksatlar bilen

31 Dekabr 2021
1259

2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrmak başlangyjyny öňe süren Türkmenistan üçin geçip barýan ýyl daşary syýasatda-da üstünliklere beslenen ýyllaryň biri boldy. Bu ýylda hormatly Prezidentimiziň Ýer ýüzünde parahatçylygy we abadançylygy berkarar etmegi nazarlaýan möhüm teklipdir başlangyçlaryny has-da ilerletmekde, täze many-mazmun bilen olaryň üstüni ýetirmekde tutanýerli işler alnyp baryldy, anyk çäreler durmuşa geçirildi. Munuň özi Bitarap Watanymyzyň halkara giňişlikde eýeleýän ornunyň pugtalandyrylmagynda uly ähmiýete eýedir.

Biz gazetimiziň şu ýyldaky jemleýji sanynda Türkmenistanda hereket edýän halkara guramalaryň we daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň käbiriniň Täze ýyl gutlaglaryny okyjylarymyz bilen paýlaşmak isledik.

Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar