Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýanyň Parlamentiniň ýokary palatasynyň ýolbaşçysynyň telefon arkaly söhbetdeşligi

29 Dekabr 2021
2199

Sankt-Peterburg, 28-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň Liderleriniň Sankt-Peterburgda geçirilýän resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň gerimli meselelerine garaldy. Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz hem-de Russiýanyň Parlamentiniň ýokary palatasynyň ýolbaşçysy 2022-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna taýýarlyk görmek hem-de geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

www.tdh.gov.tm
Beýleki habarlar