Daşary işler ministrligindäki brifingler

23 Dekabr 2021
1319

Aşgabat, 22-nji dekabr (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça türkmen wekiliýetiniň ýakynda Pakistan Yslam Respublikasyna we Hindistan Respublikasyna bolan gulluk iş saparlarynyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi.

Nýu-Delide “Merkezi Aziýa — Hindistan” dialogynyň daşary işler ministrleriniň üçünji duşuşygynyň çäklerinde dialogyň guramaçylyk düzüminiň ösüş mümkinçiligine, ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisi, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman ulag geçelgesi taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi baradaky meselelere garaldy.

Beýleki habarlar