Özara bähbitli hyzmatdaşlyk

22 Dekabr 2021
1005

20-nji dekabrda paýtagtymyzda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky 11-nji mejlisi geçirildi. Mejlisiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen hökümetara toparyň gazak tarapyndan başlygy, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Roman Sklýaryň duşuşygy boldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Türkmenistanyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň giň gerimli hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda iki ýurduň uly mümkinçilikleriniň nazarda tutulmagy bilen, ýangyç-energetika, senagat, ulag, aragatnaşyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, hususan-da, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň döwlet hem-de hususy pudagynyň işjeň çekilmegi arkaly halkara, sebit derejesindäki awtoulag, demir ýol, deňiz gatnawlarynyň giňeldilmegine ähmiýet berildi. Iki ýurduň birnäçe ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň mejlisiniň gün tertibine döwletara ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, şol sanda netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly meseleleriň giň toplumy girizildi.

"Nesil".
Beýleki habarlar