Halkara gatnaşyklary berkidilýär

22 Dekabr 2021
1069

21-nji dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy sanly ulgam arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň her ýyl geçirilýän mejlisine gatnaşdy. Bu çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentleriniň we hökümetleriniň wekilleri, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, “BMG — Zenanlar” düzüminiň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýat jemgyýeti edaralarynyň, arap zenan parlamentarileriniň deňlik ugrunda “Ra edat” guramasynyň hem-de Afrika zenanlarynyň birleşiginiň ýolbaşçylary we wekilleri hem gatnaşdylar.

Mejlisiň çäklerinde dialogyň ilkinji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri jemlenildi hem-de bu guramany ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerine we 2022-nji ýyldaky işleriniň meýilnamalaryna garaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça şu ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda iň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen Enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça merkezler guruldy, enäniň we çaganyň hukuklarynyň üpjün edilmegini kadalaşdyrýan ygtybarly hukuk binýady döredildi. “Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek hem-de goldamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň halkara guramalar tarapyndan nusgalyk hem-de sebitde ýaýradylmagyna mynasyp diýlip ykrar edilmegi aýratyn üns berilmegine mynasypdyr diýip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy aýtdy.

«Aşgabat».
Beýleki habarlar