Asylly ýörelge — dünýä görelde

11 Dekabr 2021
1119

Halkymyzyň tutuş taryhyň dowamynda eýerip gelen parahatçylyk söýüjilik, ylalaşyklyk hem-de ynsanperwerlik ýaly belent ýörelgeleri bu gün eziz Watanymyzyň dünýäde ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň binýadynda durýar. Asylly ýörelgelerimiziň Ýer ýüzünde gyzgyn goldawa eýe bolýandygyny 12-nji dekabryň bütin dünýäde «Halkara Bitaraplyk güni» hökmünde bellenilmegi hem tassyklaýar. 11-nji dekabrda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Maslahatlar merkezinde geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly maslahat hem bu hakykatyň tassyknamasyna öwrüldi.

Baýramçylygyň öňüsyrasynda geçirilen halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, milli parlamentiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şäher we welaýat häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary ýygnandylar. Şeýle hem maslahata ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de BMG-niň we onuň düzümleriniň wekilhanalarynyň, beýleki abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Beýleki habarlar