Halkara deňiz porty — logistikanyň «altyn halkasy»

9 Dekabr 2021
1163

Diýarymyzyň Türkmenbaşy şäheriniň içinde senagat şäherçesini emele getiren Halkara deňiz porty diňe bir ýurdumyz däl, eýsem, tutuş sebit üçin hem söwda, ykdysady, syýahatçylyk gatnaşyklarynyň täze ugurlaryna başlangyç beren döwrüň ägirt desgalarynyň biridir.

Golaýda ýurdumyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen YHG-nyň 15-nji sammitinde hem hormatly Prezidentimiz Hazar sebitiniň we Ýewropanyň ýurtlaryna çykmak bilen Gara deňzi, Ýakyn Gündogar, Aziýa — Ýuwaş umman sebitleriniň arasynda üstaşyr ulag gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanda logistik we üpjünçilik ulgamlarynyň desgalaryny ulanmagyň meselelerini öwrenmegi teklip etdi. Şeýle hem milli Liderimiz biziň ýurdumyzyň YHG boýunça hyzmatdaşlaryň bähbitlerine Hazaryň kenar ýakasyndaky häzirki zaman portunyň kuwwatyny hödürlemäge taýýardygyny belledi. Munuň özi ýurdumyzyň we sebitiň ykdysady ösüşlerine bu wajyp desganyň näderejede itergi berjekdiginiň aýdyň subutnamasy bolmak bilen, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan syýasatynyň diňe bir milli bähbitleri nazarda tutman, eýsem, sebit bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik ösüşleri nazarlaýandygynyň aýdyň mysaly bolup durýar. Şeýle-de munuň özi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň, goňşy ýurtlar bilen ysnyşykly gatnaşyklary saklamakda bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alýan daşary syýasatynyň bu ugurdaky beýany bolup durýar.

Seýran SEÝITMÄMMEDOW,
Balkan welaýatynyň Serdar etrabyndaky 11-nji orta mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar