Halkara gatnaşyklary bilim ulgamynda

8 Dekabr 2021
1159

Dünýäde iň bir kuwwatly döwletleriň hatarynda özüniň has-da ýokary netijeli sepgitlerini äşgär edýän Türkmenistan döwletimiz bedew badyny gowşatman, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent şygary bilen ösüşleriň täze menzillerini nazarlaýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty ýurdumyzyň kuwwatly strategik ýoluny kesgitleýär. Hut şoňa görä-de, ýurdumyzyň içerki meselesini döwrüň täze belentlikleri bilen öňe alyp barýan döwlet Baştutanymyz döwletimiziň halkara derejesindäki abraýyny, onuň daşary syýasy işlerini halkymyzyň şygary astynda has-da belent sepgitli ýollara ilerletmek ugrunda giň gerimleýin işleri amala aşyrýar.

Türkmenistan birnäçe abraýly halkara guramalarynyň agzasy bolmak bilen bir hatarda, ol guramalarda geçirilýän her bir maslahatdyr forumda ýokary netijeler bilen çykyş edýär. Ýurdumyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda dünýä taryhynyň täze döwrüne rowaçlyk çaýjak ösüş ýoluny ýazýar. Golaýda, has takygy, 28-nji noýabrda hem şeýle şöhratly dünýä taryhynyň wakasyna öwrülen forumlaryň biri bolup geçdi. Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň döredijilik äheňine täze öwüşgin çaýýan işewürlik merkezi bolan «Garagum» otelinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti geçirilip, onda «Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy» kabul edildi. Hormatly Prezidentimiziň: «Biz bu forumyň geçirilmegine ýurtlarymyzyň ykdysady, söwda-maýa goýum we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyny berkidýän möhüm waka hökmünde doly esas bilen garaýarys» diýip bellemegi, Türkmenistanyň ulag we energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini guramanyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görýändigini kesgitleýär.

Akpamyk BEGJÄÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar